2020-nji ýylda «Apple Watch PRODUCT (RED)» ýüze çykar

  • 02.01.2020 12:22
  • 2.9k+

2020-nji ýylda Apple kompaniýasy PRODUCT (RED) enjamlarynyň aýratyn tapgyrynyň çäklerinde smart-sagatlaryň täze wersiýasyny çykarmagy mümkin. Bu tapgyryň ähli önümleri gyzyl reňkde ýerine ýetirilen bolup, olaryň satuwyndan gazanylan puluň bir bölegi AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreşmegiň Ählumumy gaznasyna gidýär. Bu barada «WatchGeneration» habar berýär.
Apple Watch PRODUCT (RED) Apple-iň maglumatlar binýadynda gysga wagtlyk ýüze çykdy. Şunuň bilen birlikde täze gajetiň «Series 6» – sagatlaryň indiki nesline hiç hili gatnaşygy bolman biler. Köp alyjylary gurluşyň diňe daşky täzelenen görnüşi özüne çekýär, şonuň üçin gyzyl model hem tehniki kämilleşdirmesiz «oňup biler».
Täze smart-sagatlar barada jikme-jik maglumatlar heniz ýok. Muňa garamazdan, «WatchGeneration» gyzyl hem-de adaty Watch-laryň önümçiliginde üýtgeşik tapawuda garaşyp oturmagy maslahat bermeýär.
Apple Watch-yň täze nusgasynyň işe girizilmegine 2020-nji ýylyň ýazynda garaşylýar. Şol wagt kompaniýa tarapyndan täze býujetli iPhone SE2 görkezilmeli.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......