«Volkswagen» 2025-nji ýyla çenli 1,5 mln elektromobil çykarmagy meýilleşdirýär

  • 31.12.2019 11:58
  • 2.5k+

«Volkswagen» kompaniýasy geljek birnäçe ýylyň içinde elektromobilleriň önümçiligi giňeltmek boýunça meýilnamasy barada habar berdi. Awtoöndüriji 2025-nji ýyla çenli elektromobilleriň bazarynda liderleriň biri bolmak üçin bu ugry ösdürmek boýunça işjeňligini dowam etdirmeli bolýar.
«Volkswageniň» resmi saýtynda neşir edilen habarda aýdylyşyna görä, kompaniýa 2023-nji ýylyň ahyryna çenli 1 mln elektromobili çykarmagy göz öňünde tutýar. Öň awtoöndürijiniň wekilleri 1 mln elektrik çekiş güýçli ulag serişdelerini 2025-nji ýyla çenli çykarmagy meýilleşdirilýändigi barada habar beripdi. Indi bolsa awtomobil ägirdi 2025-nji ýylda elektromobilleriň konweýerinden düşürilen 1,5 mln-lyk hasapdan üstün çykmagy niýet edinýär.
Öňde goýlan maksada kompaniýa Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň bazarlarynda geljek ýyl peýda boljak ykjam ID.3 elektrokarlary bilen ýetip başlar. Şeýle-de, öndüriji bazowyý wariant bilen deňeşdirilende has köp ätiýaç ýoluna eýe bolan ID.3 modifikasiýalaryny çykarmagy hem wada berdi. Neşir edilen maglumatlara laýyklykda, häzirki wagtda ID.3-i satyn almaga 37 000 deslapky sargytlar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, awtoöndüriji MEB elekrik herekete getirijisiniň hususy modul platformasyny beýleki kompaniýalar üçin elýeterli etmekçi, bu bolsa ekologik ulagyň ýaýrama prossesini çaltlandyrar.
Ykjam ID.3-üň gapdaly bilen «Volkswagen» geljekde MEB platformasynyň esasynda mikroawtobuslary, şeýle-de baggileri we elektrik çekiş güýçli krossowerleri çykarmaga taýýarlanýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň bu ulag serişdeleriniň önümçiligine haçan başlajakdygy anyk däl.

düýn 14:18
2.5k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
4.1k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.7k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.9k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...