iPhone barada garaşylmadyk faktlar

  • 31.12.2019 11:49
  • 10k+

1. iPhone Apple-iň ilkinji telefony däl. 2005-nji ýylyň sentýabrynda (ilkinji iPhone-yň tanyşdyrylyşyndan iki ýyl ozal) Motorola Apple bilen bilelikde iTunes oturdylan Rokr E1 telefonyny çykardy. Şonda eplçileriň esasy önümi iPod bolupdy.
2. Ilkinji iPhone-y Apple çykarmady. Apple 1999-njy ýylyň dekabrynda iphone.org salgysyny bellige aldy – ýöne Cisco özüniň simsiz VolP-telefonlary üçin eýýäm 1998-nji ýyldan bäri iPhone adyny ulanýardy. 2007-nji ýylda kompaniýalar ylalaşyga geldiler we Apple bu ada eýe bolmaga hukuk gazandy.
3. Ilkibaşda iPhone däl-de, iPad bolupdy. 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda Stiw Jobs bahasy birnäçe ýüz dollar boljak ykjam kompýuterleri çykarmak isleýärdi. Bahasyny peseltmek üçin bolsa klawiaturadan ýüz öwürmeli bolýardy – bu bolsa multitaç-ekranyň zerurlygyna getirdi. Netijede, ilkinji iPad-yň prototipi döredi, ýöne smartfonlaryň işinde ünsi jemlemek üçin, onuň işlenip taýýarlanylmasy togtadyldy.
Ilkinji iPad 2010-njy ýylda çykýar we hemmeler ony ulaldylan iPhone görnüşinde kabul edýär. Hakykatda bolsa iPhone jaň amala aşyrmak mümkinçiligi bilen iPad-yň kiçeldilen görnüşidi.
4. Apple 2,2 mlrd-dan gowrak iPhone satdy. Özüniň lineýkasynyň hereket edýän döwründen bäri Apple 2,2 mlrd iPhone satdy.
5. iPhone 6 – iň köp satylýan model. 2014-nji ýyldaky relizden bäri iPhone 6 we 6 Plus-yň jemi satuwy 222 mln gurluşa ýetdi – esasanam, kiçi wersiýasy has meşhur.
6. Apple iPhone-a joýstik goşmagy pikirlenipdi. Kompaniýanyň bu pikiri näderejede çynlakaý gözden geçirendigi belli däl, ýöne fakt fakt bolup galýar: 2015-nji ýylda Apple “Öýe” düwmesine oturdylan kiçiräk joýstik üçin patent alypdy. Bilşimiz ýaly, aýfonlarda hiç hili üýtgeşiklik ýüze çykmady, häzir bolsa öňki paneli tutuşlaýyn ekran bolan ultra-inçe smartfonlaryň eýýamynda bu pikiriň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçiligi nola deň.
7. Tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen ilkinji iPhone asla işlemeýär diýen ýalydy. Ilkinji iPhone-yň tanyşdyrylyşy taryhda iň bir bellileriň biri bolup galýar. Ýöne ol görkezilen nusganyň hakykatda işlenilmeýändigi belli bolandan soň, has hem geň galdyryjy bolýar. Telefonyň özi berk däldi, programma üpjünçiligi bilen bagly meselelerem bardy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......