Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherçesine baryp gördi

  • 30.12.2019 07:06
  • 2.6k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp gördi we halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalaryň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutany şeýle giň gerimli çärelere taýýarlyk görmek işlerine hut özi gözegçilik edýär. Türkmen Lideri aýak üstünde ýolbaşçylar bilen söhbetdeşligiň barşynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de Olimpiýa şäherçesinde işiň dürli ugurlary barada anyk sowallary berdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident birnäçe tabşyryklary berdi.
Sportuň oýun görnüşleri toplumynda milli ýygyndymyzyň agzalary, şol sanda 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek türgenler üçin dürli görnüşli sport lybaslary görkezildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna halkara ýaryşlaryň geçiriljek binalarynyň bezeginiň taslamalary hödürlenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany gözden geçirip, birnäçe bellikleri aýtdy we käbir düzedişleri girizdi, hususan-da, ýanaşyk şaýollaryň ikisiniň kesişýän ýerinde pyýadalaryň Olimpiýa şäherçesine ýerüsti geçelgesi arkaly bökdençsiz geçmegi üçin ulaglaryň ýerasty geçelgesi boýunça gatnawyny ýola goýmagyň zerurdygyny belledi.
Milli Lider çatrygyň merkezinde paýtagtymyzyň sport babatda ösüşine kybap gelýän sütüni ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy.
Döwlet Baştutany Olimpiýa şäherçesiniň ähli binalarynyň we olarda döredilen mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna ünsi çekip, sportuň dürli görnüşleri boýunça niýetlenen sport zallarynda türgenleşikleriň yzygiderli geçirilmelidigini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamyndaky häzirki zaman dünýä meýillerini we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara ýaryşlary nazara almak bilen, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ähli mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýasyny we sanly ulgamy ornaşdyrmak esasynda bu işleri kämilleşdirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......