“Realyň” eks-prezidenti kluba gaýtadan ýolbaşçylyk eden ýagdaýynda, üç uly transferi wada berdi

  • 28.12.2019 22:29
  • 4.8k+

«Realyň» öňki prezidenti Wisente Boluda klubuň ýolbaşçy wezipesine ýene-de sese goýulmakçy. 64 ýaşly ispan biznesmeniniň we syýasatçynyň habar bermegine görä, ol ähli bar bolan puluny täze oýunçylaryň satyn alynmagyna sarp etmäge taýýar.
— Meniň pulum bar. Biz üç sany futbolisti goşmaça ýazmaly. Kluba kömek gerek — diýip, Boluda satyn almak isleýän oýunçylarynyň atlaryny anyklaşdyryp oturmady.
«Realyň» nobatdaky prezident saýlawy 2021-nji ýylda geçer. Klubuň häzirki prezidenti Florentino Peres wezipe üçin bäsdeşi bolmanlygy sebäpli, soňky iki gezek ses berilmesiz saýlanypdy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......