«Apple» 2020-nji ýylda geýmerler üçin kuwwatly Mac öndürer

  • 28.12.2019 22:27
  • 3k+

«Apple» geýmerler üçin kuwwatly Mac hödürläp, kibersport bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.
Taýwan çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, täze kompýuteriň nähili form-faktorda boljakdygy doly belli däl. Bu giň-format ekranly monoblok ýa-da uly displeýli noutbuk hem bolup biler.
Onuň tanyşdyrylyş dabarasy 2020-nji ýylyň iýunynda WWDC konferensiýasynda geçiriler.
Bu «Apple-iň» oýun bazaryny esaslandyrmakda ilkinji synanyşygy däl. Şu ýylda 100-den gowrak eksklýuziw mobil oýunlaryny özünde jemleýän Apple Arcade serwisi çykdy.
Kibersporta geçilmegi Mac-yň ulanylyş çägini ýokary derejede giňeldip biler. Ýöne bu «Apple-iň» işläp düzüjiler bilen olaryň oýunlary macOS esasynda adaptirlemegini ylalaşan ýagdaýynda mümkin bolar.

şu gün 16:26
70

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

şu gün 13:59
878

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

şu gün 12:26
2.4k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

şu gün 11:20
609

Google wideo döretmek üçin täze Gemini Omni neýroulgamyny görkezdi

Google kompaniýasy tekstleriň, suratlaryň, audiolaryň we beýleki wideo ýazgylaryň esasynda wideo döretmäge hem-de olary redaktirlemäge niýetlenen Gemini Omni atly generatiw emeli aň modelleriniň täze toplumyny......