«Barselona» 2020-nji ýylda her liniýasyna bir oýunçy satyn almagy meýilleşdirýär

  • 28.12.2019 22:25
  • 3.4k+

«Barselona» düzümini has-da güýçlendirmegi we 2020-nji ýylda her liniýa oýunçy satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Sport.es habar berýär.
Çeşmäniň habar bermegine görä, toparyň ýolbaşçylary täze ýyl ýygnagyny geçirdiler we klubuň transfer syýasatyny maslahatlaşdylar. Onda her liniýa bir oýunçy satyn almak maksat edilip goýuldy. Tehniki kätiplik eýýäm anyk atlar bilen iş geçirip başlady. Toparyň ileri tutýan esasy maksady – ýarymgoragçy satyn almak. Iwan Rakitiç bilen Arturo Widalyň bolsa tomusda topardan gitmeklerine garaşylýar. «Barselona» hüjüm liniýasyna «Interiň» hüjümçisi Lautaro Martines bilen «PSŽ-niň» hüjümçisi Neýmary göz öňünde tutýar, olaryň transfer bahasy ispan kluby üçin örän özüne çekiji bolup biler. Şeýle hem, toparyň gorag liniýasy-da yzygiderli meseleleri döredýär.
«Barselona» 18 tapgyrdan soň 39 utuk gazanmak bilen ispan Ligasynyň turnir tablisasynda birinji orny eýeleýär. Ernesto Walwerdeniň tälimçiligindäki oýunçylar indiki oýny «Espanýol» bilen geçirerler. Duşuşyk 4-nji ýanwarda bolar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......