«Volkswagen» elektromobilleri zarýadlandyryjy roboty hödürledi

  • 28.12.2019 22:24
  • 2.2k+

«Volkswagen» kompaniýasy zarýad bermegiň täze konsepsiýasyny hödürledi. Kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen robot geljekde elektromobilleri doly awtonom usulda zarýadlandyrmaga mümkinçilik berer we onuň netijesinde islendik awtoduralga zarýad berme nokadyna öwrüler.
Zarýad bermegiň mobil ulgamy iki blokdan ybarat: robotdan we energiýa saklaýjy enjamdan. Smartfondaky programma ýa-da awtomobile birikdirilen ulgam arkaly sürüji çagyrandan soň, robot enjamy zarýad bermek üçin ulag serişdesine tirkeýär.
Soňra ol elektromobiliň zarýad berilýän bölegini açýar, oňa zarýad beriji enjamy birikdirýär we beýleki ulag serişdelerine hyzmat etmäge ugraýar. Zarýadlandyrma prosessi tamamlanandan soň, robot zarýad beriji enjamy öçürmek we ony zarýad stansiýasyna eltmek üçin elektromobiliň ýanyna dolanyp gelýär. Tutuş zarýad berme prosessi hiç hili adam gatnaşmazdan bolup geçýär.
Her bir akkumulýator blogynyň sygymy 25 kWt/sag bolup, ol kuwwatlylygy 50 kWt-a çenli bolan çalt zarýadlanmany üpjün edýär. Robotyň awtoduralgada erkin hereket edip bilmegi üçin ol birnäçe skaner we datçikler bilen enjamlaşdyrylan.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...