Xiaomi ses buýrugyny girizmäge ukyply akylly klawiaturasyny hödürledi

  • 27.12.2019 06:49
  • 3.3k+

Xiaomi kompaniýasy kollektiwleýin maliýeleşdirme meýdançasynda özüniň Xiamo MIIW Elite atly simsiz mehaniki klawiaturasyny we simsiz syçanjygyny görkezdi.
MIIW Elite simsiz mehaniki klawiatura 85 sany gaýçy şekilli düwmeli gurluşa eýedir. Onuň dizaýny babatda aýtsak, klawiatura aýlaw burça we tegelek düwmelere eýe. Onuň galyňlygy 7,8 mm.
Alt we Ctrl klawiaturalarynyň arasynda probelden sag tarapda HKUST Xunfei ses bukjasyny işe girizýän düwme ýerleşýär. Bu ulanyjylara düwmäni ýönekeýje basyp saklamak bilen teksti ses arkaly girizmäge mümkinçilik berýär. Düwmäni howa maglumaty, walýuta hümmeti we şolar ýaly dürli intellektual sorag buýruklaryny aktiwleşdirmek üçin hem ulanmak bolýar.
Mundan başga-da, kompaniýa adyndan belli bolşy ýaly 85 klawişaly we şol bir dizaýnly MIIW 85 klawiaturasyny hem çykardy. Bu wersiýa ses arkaly girizme sistemasy bilen üpjün edilmedik. Şeýle-de, Xiaomi simmetrik dizaýna we ýylmanak bolmadyk tekstura eýe bolan simsiz täze MIIW Elite syçanjygyny hem hödürledi. Täze önümler geljek ýylyň 25-nji fewralynda satuwa girişer.

düýn 11:15
2.1k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.3k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......