Sanlylaşdyrmak ulgamynda Ahal welaýatynyň tejribesi öwrenilýär

  • 27.12.2019 06:05
  • 2k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bu sebitde ýurdumyzda ilkinji bolup döwlet dolandyryş ulgamyna sanly maglumat tehnologiýalarynyň, şol sanda elektron resminama dolanyşygynyň girizilendigi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylaryň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryny sanly ulgama tapgyrlaýyn birikdirmek hem-de Ahal welaýatynyň tejribesi esasynda elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri çaltlandyrmagyň wezipelerine ünsi çekildi.
Sebitiň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow bu ulgamda Ahal welaýatynyň tejribesi bilen tanyşdyryp, dürli düzümleriň özara gatnaşyklaryny ýokarlandyrmakda olaryň netijeliligini hem-de welaýat we etraplaryň derejesinde çözgütleri has tiz kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga amatly mümkinçilikleriň döreýändigini belledi.
Çalt özgerýän häzirki zaman dünýäsinde wagt esasy serişdedir. Sanly dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagy bolsa diňe bir kagyz resminamalaryny taýýarlamaga däl-de, olary zerur bolan ýerine ýetirmäge sarp edilýän wagty hem tygşytlamagyň has netijeli guraly bolup durýar, munuň özi gönüden-göni ykdysady bähbitleri hem-de döwlet düzümleriniň işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bu ulgama yzygiderli birikdirilmeginiň uly ähmiýetini hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri çözmekde möhümdigini bellemek gerek. Bu ulgam giň ugurlary öz gerimine alýar, olar şeýle hem milli ulgamlaýyn giňişligiň, internet hyzmatlary toplumynyň kadalaşdyrylmagyny we giňeldilmegini kanunçylyk taýdan goldamagy işläp taýýarlamagy hem öz içine alýar.

şu gün 11:15
787

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 08:18
865

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

şu gün 07:37
1.7k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......