Xiaomi 21 dýuýmlyk ekran oturdylan üç kameraly sowadyjysyny görkezdi

  • 26.12.2019 06:36
  • 3.6k+

Xiaomi kompaniýasy özüniň öý üçin täze önümini – Viomi Internet refrigerator sowadyjysyny görkezdi. Mälim bolşuna görä, bu täze önüm geçen ýylky modeliň ornuna gelen bolmaly.
Viomi Internet refrigerator sowadyjysynyň aýratynlygy – bu oňa oturdylan 21 dýumlyk sensorly ekran. Sowadyjyny smartfona birikdirip bolýar we sesli dolandyryş ulgamy bar – ulanyjy sesi arkaly, meselem, doňduryjy kameradaky temperaturanyň derejesi barada maglumat alyp bilýär. Enjam milliondan gowrak dürli reseptleri saklaýan baza elýeterliligi üpjün edýär. Şeýle hem, nahar taýýarlaýan wagtyň içiň gysmaz ýaly onlaýn hyzmatlarynyň kömegi bilen displeýde kino ýa-da serial görmek bolýar.
Viomi Internet refrigerator-da 360 o derejesine çenli sowadyjy howa ulgamy bar we emeli usulda doňdurmaklyga mätäçlik çekmeýär. Ulanyjy tarapyndan girizilen temperatura içeriniň temperaturasyny-da hasaba almak almak bilen awtomatiki ýagdaýda saklanýar. Onuň sowadyjy kamerasynyň göwrümi 131 l, doňduryjy kamerasynyň göwrümi – 182 l, aýratyn ter önümler üçin bölümi bolsa 95 l göwrümdedir. Olaryň jemi bolsa 408 l bolýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......