Superkompýuter Messi bilen Ronaldunyň arasyndan iň gowy oýunçyny belli etdi

  • 26.12.2019 06:27
  • 7k+

«Barselonanyň» kapitany Lionel Messimi ýa-da «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldumy? KU Leuven uniwersitetiniň professorlary we SciSports hünärmenleri superkompýuteriň we hasaplaýyş algoritminiň kömegi bilen iň gowy oýunçynyň kimdigini kesgitlediler.
— Futbolistiň gymmaty köplenç onuň gollary we pökgini geçirijiligi bilen kesgitlenilýär. Ýöne gol – oýunda ortaça 1600 hereket bolup geçýändigine garamazdan, seýrek hadysa. Biziň modelimiz her bir hereketi – gollary, topuň berlişini, urgulary gözden geçirýär we olaryň gymmatyny hasaplaýar – diýip, professor Jessi Dewisiň sözi getirilýär.
Bu iki oýunçynyň Ronaldunyň la ligadan gitmänkä, ýagny 2013/2014 möwsüminden başlap maglumatlaryny peýdalanmak bilen kompýuter Messiniň iň gowy oýunçydygyny kesgitledi. Argentinaly oýunçynyň bahasy bir oýunda 1,21 görkezijä deň boldy, Ronalduda – bir oýunda 0,61.
— Ilkinji möwsümlerde Messiniň we Ronaldunyň netijeleri biri-biriniňkä ýakyn. 2015/16 möwsümden Messi özüniň “köne” bäsdeşinden öňe geçip başlady.
Biz futbolistleriň köpüsinde ylalaşygyň bardygyny görýäris: ýa-ha olar az gymmatlylyk bilen köp hereketi amala aşyrýarlar, ýa-da sizde pes ähtimallyk bilen pökgini depýän, ýöne netijä uly täsir edýän oýunçylar bar. Bu Garri Keýn, Mohamed Salah we Kriştianu Ronaldu ýaly hüjümçiler üçin mahsus.
Messi bolsa pökgi bilen bagly hereketleriniň uly mukdary we olaryň ýokary gymmatlylyga eýeligi bilen tapawutlanýar – diýip, barlaga gatnaşan Tom Dekroos belleýär.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......