Habib onýyllygyň iň gowy göreşijileriniň sanawynda ikinji orny eýeledi

  • 26.12.2019 05:33
  • 6.1k+

Garyşyk başa-baş göreşi beýan edýän «MMA Fighting» portaly 2010-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli döwür boýunça iň gowy göreşijileriň onlugyny düzdi. UFC-niň ýeňil agram boýunça häzirki çempiony, rus göreşijisi Habib Nurmagomedow guramanyň ýarym agram kategoriýasy boýunça häzirki çempiony amerikaly Jon Jonsdan soň ikinji orny eýeledi. UFC-niň iki agramly kategoriýa boýunça öňki çempiony Daniel Kormýe hem üçlügi jemledi.
Dörtden ona çenli orunlary Demetrius Jonson, Konor Makgregor, Žorž Sen-Pýer, Stipe Mioçiç, Genri Sehudo, Kris Saýborg Žustinu we Toni Fergýuson dagy eýelediler.
Ýatlap geçsek, hasabynda 28 sany garyşyk başa-baş göreşde 28 ýeňşi bar bolan 31 ýaşly Nurmagomedow ESPN-iň wersiýasy boýunça onýyllygyň iň gowy göreşijileriniň üçlügine hem girdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......