Akylly sagatlar we fitnes-bilezikler depginli ýagdaýda meşhurlyk gazanýar

  • 26.12.2019 05:25
  • 3k+

Ýaňy-ýakynda IDC-niň geçiren derňewine laýyklykda, smartfonlaryň bazaryndan tapawutlylykda, intellektual gurluşlaryň segmentleri örän haýran galdyryjy depgin bilen ösmegini dowam etdirýär.
2019-njy ýylyň diňe üçünji çärýeginde üpjünçiligiň göwrümini bir ýylyň içinde 45,2% ösdürip, üpjün edijiler 27,15 million enjam satdylar. Analitik kompaniýanyň hasabatyna görä, bazaryň pese düşjegini görkezýän hiç hili alamat ýok.
IDC analitikleriniň bahalandyrmasy boýunça, 2023-nji ýylda dakylýan gurluşlaryň bazary 200 million birlige ýeter. Bu enjamlara gyzyklanmanyň artmagy bolsa olaryň gündelik durmuşda işjeň ulanylmagy bilen baglydyr. Olar saglyk ýagdaýyna, biometriýa, howpsuzlyga gözegçilik etmekde has hem möhüm roly oýnarlar we elektron tölegleri üçinem işjeň peýdalanylar.
Ýene bir gyzykly zat, başga programmalary götermeýän binýatlyk dakylýan gurluşlaryň sany hem artdy. Şeýle gurluşlaryň umumy göwrümi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 38,2% ýokarlanyp, 20,97 milliona ýetdi.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......