Meizu 2020-nji ýylda high-end klasynyň dört sany 5G-smartfonuny çykarar

  • 25.12.2019 06:24
  • 2.8k+

«Meizunyň» baş tehniki müdiri Lýan Dunmin kompaniýanyň bäşinji nesliň mobil toruna eýe bolan (5G) smartfonlary çykarmak boýunça meýilnamasy barada gürrüň berdi.
Onuň aýtmagyna görä, indiki ýyl azyndan dört sany 5G-apparaty görkeziler. Bu modeller high-end klasyndaky gurluşlaryň hataryna degişli bolar, şonuň üçin olar öňdebaryjy elektron böleklerine eýe bolarlar.
Jenap Dunmin «Meizunyň» 5G eýe bolan prototip smartfonlarynyň taýýardygyny belläp geçdi. Ilkinji şeýle apparatyň köpçülikleýin önümçiligi eýýäm indiki çärýekde ýola goýlar.
Internet çeşmeleri kompaniýanyň ilkinji 5G-smartfonunyň «Meizu 17» modeliniň boljakdygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Bu smartfonda takt ýygylygy 2,84 GGS çenli bolan sekiz sany hasaplaýjy Kryo 585 ýaderini birikdirýän Qualcomm Snadragon 865 prosessory we grafiki tizlendiriji Adreno 650 bolar diýip hasaplaýarlar. 5G öýjük aragatnaşygynyň ygtyýarlylygyna goşmaça Snapdragon X55 modemi jogap berer.
Aýdyşlaryna görä, Meizu 17 apparaty korpusyň gapdal bölegine tarap egrelýän displeýe, şeýle-de daktiloskopik ekran skanerine eýe bolup biler. Üç sany arka kameranyň boljakdygy aýdylýar. Onuň esasy bölegi 64-megapiksellik Samsung datçigi bolar.
«Meizu 17-niň» resmi bildirişiniň bolmagyna geljek ýylyň ýazynda garaşylýar. Şeýle ýagdaýda smartfon eýýäm martda görkezilip bilner.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......