Huawei P40 grafen akkumulýatorly dünýäde ilkinji smartfon bolup biler

  • 24.12.2019 23:24
  • 5.5k+

Huawei kompaniýasy dünýäde grafen akkumulýatorly ilkinji smartfon adyny almagy göz öňünde tutýar. Ol hem Huawei P40 “maşgala” flagmany bolar. Şeýle maglumat Huawei kompaniýasynyň fransuz bölümçesiniň Twitter-akkauntynda ýüze çykdy. Post şeýle belleýär:
“Huawei grafen batareýli flagman telefony hödürleýji ilkinji kompaniýa bolar. Huawei-niň indiki flagman smartfony, ýagny surata düşürmeklige niýetlenilen P40 indiki nesliň grafen batareýi bilen ýola goýlar”.
Kompaniýa şeýle batareýiň 0-dan 100%-e çenli bary-ýogy 45 minutda zarýadlanjakdygyna söz berýär. Mümkin, bu P40 maşgalasyndan diňe bir model bolar – ähtimal, uly Huawei P40 Pro.
Dogrusy, bu wakada Huawei France-iň neşirden soň bu posty göni pozmagy bilen bagly fakt ikirjeňlendirýär. Elbetde, žurnalistler ony alyp galyp ýetişdiler, ýöne bu informasiýa heniz sorag astynda.
Ýatlap geçsek, Huawei P40 lineýkasynyň tanyşdyrylyş dabarasy 2020-nji ýylyň martyna meýilleşdirilen.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......