Sosial torlarda ilkinji türk awtomobiliniň suratlary peýda boldy

  • 23.12.2019 23:26
  • 6k+

Sosial torlarda ilkinji türk awtomobiliniň suratlary peýda boldy, diýip Trend agentligi türk habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
Ilkinji türk awtomobiliniň resmi tanyşdyrylyşy 27-nji dekabrda geçiriler.
Türkiýäniň öňki ylym, senagat we tehnologiýalar ministri Faruk Ozlýiniň belleýşi ýaly, ýerli awtomobiliň önümçiliginiň taslamasyna 3 mlrd amerikan dollaryny maýa goýmak meýilleşdirilýär. Ýerli awtomobilleriň bäş dürli nusgasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Olaryň biri elektrik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar.
Ýatlatsak, 2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkiýäniň Prezidenti Ärdogan ýerli awtomobili döretmäge gatnaşjak kompaniýalaryň adyny aýtdy. Olar Anadolu Grubu, BMC, Kıraça Holding, Türkcell we Zorlu Holding.
Prezident ýerli awtomobiliň döredilmeginiň ykdysadyýeti güýçlendirjekdigini nygtady. Şeýle hem ol Türkiýäniň öz awtomobillerini eksporta hem iberjekdigini aýtdy.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...