Alymlar iň zyýanly iýmiti anykladylar

  • 23.12.2019 15:52
  • 10k+

Bu iýmit — et. Bu netije ilkinji gezek ýüze çykarylanok. Muňa garamazdan, bu gezek alymlar onuň diňe bir adam organizmine däl, eýsem, daşky gurşawa hem täsirini nazara aldylar. Oksward uniwersitetiniň we Minnesota uniwersitetiniň alymlar topary öz alan netijelerini ONAS neşirinde çap etdiler. Birnäçe ýyllaryň dowamynda olar önümleriň adam organizmine we daşky gurşawa täsirini öwrendiler.
Haýsy önümleriň has zyýanlydygyna düşünmek üçin alymlar AREI indeksinden peýdalandylar. Bu indeks iýmitiň bir böleginiň tebigata nähili gymmata düşýändigini hasaplamaga mümkinçilik berýär. Bug gazlarynyň zyňylmasy, önümçilik üçin toprakdan peýdalanylyşy, suwuň sarp edilişi, daşky gurşawyň hapalanylyşy we ş.m. nazara alnypdyr.
Täsin netije alyndy: önüm saglyk üçin näçe peýdaly bolsa, onuň önümçiligi şonça-da daşky gurşaw üçin az zyýanlydyr. Däneli ösümlikler, miweler, gök-bakja önümler, maňyzlar we zeýtun ýagy bir porsiýasy üçin AREI-niň indeksinden 4 baldan az gaznadylar. Balygyň indeksi 14-e ýetdi. Gaýtadan işlenilmedik gyzyl et bolsa antiliderlige çykdy — 73 bal aldy (gaýtadan işlenilen et – 37 bal).
Bu iş ylmy dünýäde güýçli sarsgy döretdi. Alymlaryň alan netijeleri, käbirlerinden düşnüksizlikler ýüze çykardy. Muňa garamazdan, hiç kim gyzyl etden düýbünden ýüz öwürmegä çagyrmaýar. Lukmanlar diňe onuň kabul edilmegini çäklendirmegi, hepdede bir porsiýa bilen oňmagy, şeýle hem mümkin boldugyndan et önümlerinden — kolbasadan, büzmeçelerde, bekondan we ş.m.-den saklanmagy maslahat berýärler.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....