Xiaomi we Redmi smartfonlarynda funksional meýilnamalaşdyryjy peýda boldy

  • 22.12.2019 21:40
  • 4.4k+

Xiaomi kompaniýasy MIUI 11 operasion ulgamlar üçin okuwçylara, talyplara we mugallymlara niýetlenilen täze funksiýasyny ýaýradyp başlady.
Gürrüň senenamanyň, ýazgy kitabynyň we işleri meýilleşdirijiniň funksiýasyny özünde birikdirýän programma barada gidýär. Işläp düzüjiler bu programmanyň standart senenama programmasyndan has funksionallydygyny nygtaýarlar. Onuň bilim bilen meşgul adamlaryň bahalandyryp biljek mümkinçiligi has köp.
Bu programmada ähli sapaklaryň sanawyny saklamak hem-de oňa talyplar ýa-da mugallymlar barada informasiýalary goşmak bolýar. Informasiýalar bilen alyş-çalyş etmek üçin hem amatly funksiýasy bar. Siz düwmäni ýeke gezek basyp öňünden meýilleşdirilen sanawy tutuş topara ýa-da birnäçe synplara paýlap bilýärsiňiz, bu bolsa iş gününiň meýilnamasyny ep-esli ýeňilleşdirmäge kömek edýär.
Täze önümi barlap gören ilkinji ulanyjylar bu programmada amala aşyrylýan ähli zatlaryň hakykatdan hem amatlydygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, MIUI standart senenamaly sinhronlaşdyrma hem bar, geljekde beýleki MIUI programmalary bilen integrasiýany ýola goýmagy meýilleşdirýärler. Bu programma bellikleri tiz etmäge we sanawa üýtgeşme girizmäge mümkinçilik berýän ses kömekçisine hem eýe.
Häzirlikçe bu täzeleniş Hytaýyň çäklerinde ýaýraýar, ýöne ýakyn wagtda ol dünýä boýunça ähli smartfonlarda peýda bolmaly.

düýn 18:51
3.4k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....