Riko Werhowen rewanş duşuşykda Badr Hariden üstün çykdy

  • 22.12.2019 20:39
  • 2.9k+

«Glorynyň» agyr agramda häzirki çempiony Riko Werhowen göreşiň dowamynda iki gezek nokdauna düşendigine garamazdan, Badr Harä garşy duşuşykda çempionlyk titulyny üstünlikli goramagy başardy. Göreş «Glory 74» ýaryşynyň çäklerinde Arnemde geçirildi.
Birinji raundda Hari Werhoweni sagdan urgy bilen, üçünji raundda bolsa çepden haýking bilen nokdauna ýatyrdy. Ikinji gezek nokdaundan soň Werhoweniň göreşi dowam edip bilmegi garaşylmadyk netijä getirdi. Indiki hüjümleriniň birinde Hari çep aýagy bilen güýçli depdi we deňagramlylygyny ýitirip, aşak ýykyldy. Şondan soň, aýagyna şikes alandygy sebäpli ýerinen galyp bilmedi.
Werhowen bilen Hariniň birinji duşuşygy 2016-njy ýylyň dekabrynda «GLORY 36» ýaryşynyň çäklerinde geçirilipdi. Şol gezek Werhowen ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýaňiş gazanypdy. Çünki Hari elini ýaralap, göreşi dowam edip bilmändi.
Riko Werhowen — agyr agramdaky kategoriýadan bolan golland kikboksýory. Professional derejede 2004-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. К-1,SUPERК0МВАТ, It's Showtime, Glory ýaly ýaryşlara gatnaşyp meşhurlyk gazandy. 2014-nji ýylyň aprelinde Werhowen professional boksda bir göreş geçirip, wengriýaly boksýor Ýanoş Finferi nokauta gidiripdi. 2015-nji ýylyň oktýabrynda Werhowen Rumyniýada MMA-da çykyş edip başlady we garşydaşyny birinji raundda tehniki nokauta gidirdi. Häzir ol agyr agram derejede Glory-nyň hereket edýän çempiony adyna eýe.
Badr Hari — marokkan gelip çykyşly professional golland kikboksýory. Agyr agram derejede çykyş edýär. Hari К-1 World Grand Prix-iň (2008, 2009) iki gezek final tapgyryna çykdy we iki gezek It's Showtime (2009,2010) wersiýasy boýunça agyr agramda çempion boldy.

düýn 23:07
994

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......