Mikel Arteta «Arsenalyň» baş tälimçisi bellenildi

  • 20.12.2019 23:58
  • 2.6k+

Ispaniýaly Mikel Arteta «Arsenal» futbol klubynyň täze baş tälimçisi bellenildi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär. 37 ýaşly hünärmen bilen ylalaşyk 3,5 ýyla niýetlenilendir.
Londonlylaryň mundan öňki tälimçisi Unai Emeri toparyň görkezijileriniň ýaramazlygy sebäpli 29-njy noýabrda wezipeden boşadylypdy. Arteta çenli baş tälimçiniň wezipesini şwesiýaly Fredrik Ýungberg ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda «Arsenal» Angliýanyň çempionatynda 10-njy ýerde barýar. Onuň 17 oýunda 22 utugy bar. Şeýle hem klub Iňlis klublarynyň ligasyndan gaýtdy we Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy.
Arteta «Arsenalyň» düzüminde 2011-nji ýylyň tomsundan 2016-njy ýylyň tomsuna çenli çykyş edip, iki gezek Angliýanyň kubogyny (2014, 2015) almagy başardy. Ol toparyň düzüminde 150 oýun geçirip, 16 gol we 8 ýardam pasyny etdi. 2016-njy ýyldan bäri Arteta «Mançester Sitiniň» tälimçiler şrabynda Hosep Gwardiolanyň kömekçisi bolup işledi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......