Aşgabatda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça maslahat geçirildi

  • 20.12.2019 22:53
  • 1.6k+

20-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumatlaryň ýygnalmagy we ýaýradylmagy boýunça teklip edilýän platformanyň deslapky görnüşiniň görkezilmegi maksady bilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň we BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, mejlise Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň agentlikleriniň we düzüm birlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda DÖM-nyň maglumat binýadynyň işlenilip düzülmegi boýunça BMG-niň statistika bölüminiň missiýasynyň netijeleriniň we teklipleriniň görkezilişi, DÖM-nyň teklip edilýän platformasynyň deslapky görnüşiniň we ministrlikler hem-de BMG-niň agentlikleri tarapyndan berilmegi zerur bolan kömeginiň görkezilişi, Türkmenistanyň global derejede DÖM-ry boýunça gazanan ösüşleri we DÖM-nyň global maglumat binýadynda Türkmenistanyň maglumatlarynyň neşir edilmegi üçin zerur bolan çäreleriň görkezilişi geçirildi.
Çykyşlaryň barşynda netijeli özara hereketleri ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirýän Türkmenistanyň özi üçin geljek 15 ýyl üçin durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlän sebitiň ilkinji döwletleriniň biri bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň global derejede DÖM-nyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ulgamynda BMG-niň ornaşdyrmak, pugtalandyrmak we goldaw bermek boýunça missiýasynyň geçiriljek ýurtlaryň sanawyna girizilendigi hem bellenilip geçildi.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......