Soňky 10 ýylyň içinde iň köp ýüklenilen programmalar

  • 19.12.2019 23:52
  • 8.1k+

Telefon programmalaryny bahalandyrma bilen meşgullanýan «App Annie» kompaniýasy geçen onýyllygyň jemini jemledi. Onuň netijesinde «Facebook» dünýäde iň köp ýüklenilýän programma bolup çykdy.
«WhatsApp» dünýäde ýükläp alynma möçberi bilen liderleriň üçlügine goşuldy. Şeýle-de, global reýtingiň onlugyna «Skype», «TikTok», «UC Browser», «YouTube» we «Twitter» girdi.
«App Annie» ulanyjylaryň puly has köp sarp eden programmalaryny tertipleşdirmek üçin aýratyn sanaw düzdi. Birinji ýerde dünýä boýunça «Netflix» programmasy ýerleşdi. Harçlama boýunça ikinji ýerde – «Tinder deýting» programmasy, üçünji ýerde – «Pandora Music» saz serwisi.
Telefon oýunlary barada gürrüň edilende, bu ýerde iň köp ýüklenip alynýan programma «Subway Surfers» boldy. «App Annie-de» anyklanylyşyna görä, bu oýun özüniň meşhurlygynyň köp bölegi üçin Hindistana minnetdar bolmaly, çünki ýükläp alma hasabynyň 15%-i şol ýerden geldi. Ýükläp alma boýunça liderleriň üçlügine «Candy Crush Saga» we «Temple Run 2» hem girdi.
Ulanyjylardan has köp puly «Clash of Clans» strategiýasy gazandy. Şeýle-de, çykdajynyň köp bölegi «Monster Strike» we «Candy Crush Saga» oýunlaryna gitdi.

şu gün 11:22
1.1k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

şu gün 08:15
1.2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......