«Real» «Çelsiniň» goragçysy Kurt Zumany toparyna almak isleýär

  • 19.12.2019 23:43
  • 1.8k+

Madridiň «Realy» gyş möwsüminde Fransiýanyň ýygyndy toparynyň we «Çelsiniň» merkezi goragçysy Kurt Zuma bilen toparyny güýçlendirmegi meýilleşdirýär.
Radio Marca-nyň berýän maglumatyna görä, «Realyň» tälimçisi Zinedin Zidan häzir London klubynda çykyş edýän watandaşyny öz toparyna çagyrmagyň mümkinçiliklerini gözden geçirýär.
Häzirki wagtda Kurt Zuma Frenk Lempardyň toparynyň öňdebaryjy goragçysy hasaplanylýar, ýöne transfer banynyň ýatyrylmagy bilen Fransiýanyň ýygyndy toparynyň futbolçynyň ätiýaçdakylaryň oturgyjynda oturmagy-da ähtimal, çünki topar gorag liniýasyny güýçlendirmegi meýilleşdirýär.
Futbolçynyň özi «Çelsiniň» düzüminde oýnamak isleýändigini, emma oýun tejribesi bilen bagly meseleler ýüze çyksa, topardan gitjekdigini-de gizläp duranok.
Häzirki wagtda «Çelsiniň» goragçysy Kurt Zuma 35 mln. ýewro möçberinde bahalandyrylýar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......