iPhone-da hemme zady etmek mümkinçiligi bolan oýun döredi

  • 19.12.2019 23:07
  • 4.9k+

App Store-da Al Dungeon oýny ýüze çykdy. Onda islän zadyň ählisini etmek bolýar.
Bu oýunda ulanyjylaryň tekst arkaly ýazylan buýrugyna emeli intellekt jogap tapýar. Siz islendik habary ýazyp bilersiňiz. Al Dungeon oňa laýyk gelýän jogaby saýlap alar we wakanyň ýaýbaňlanyş ýollaryny hödürlär.
Uly agram sebäpli Al Dungeon jogaplary az-owlak gijikdirip iberýär. Şeýle-de bolsa, bu programma web-wersiýa garanda çalt işleýär.
Oýny dörediji Nik Uolton The Verge web-saýtyna Al-Dungeon-yň garaşylmadyk meşhurlygyndan soň taslama has köp wagt sarp etmek üçin işden gidendigini habar berdi. Bu işde oňa birnäçe işläp düzüjiler kömek edýär.
Ýakyn geljekde olar bu oýnuň işleýiş derejesini çaltlandyrarlar we ony has durnukly ederler. Köp ulanyjyly režimiň we maşgala wersiýasynyň ýüze çykmagy hem mümkindir.
Al Dungeon App Store we Google Play programmalar dükanynda elýeterli.

şu gün 11:23
158

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

düýn 12:35
1.8k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 12:23
5.6k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

düýn 08:32
2.8k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......