Aşgabatda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrunda ýaryş geçiriler

  • 19.12.2019 12:02
  • 1.9k+

2020-nji ýylyň 8 — 15-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde gurnaljak bu halkara sport ýaryşyny geçirmäge Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi.
Kararda bellenilişi ýaly, bu resminama halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzda olimpiýa hereketini ösdürmek, şeýle hem döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, kabul edildi.
Şeýle hem ýokarda agzalan halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen ylalaşyp, ýokarda agzalan halkara ýaryşynyň tapgyryny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak hem-de tassyklamak tabşyryldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......