Ahal döwlet dolandyryşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyran ilkinji welaýat

  • 17.12.2019 11:45
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýaty döwlet dolandyryşy tejribesine, şol sanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyna sanly maglumat tehnologiýa ornaşdyrylan ýurdumyzyň ilkinji sebiti boldy. Duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda bu barada welaýatyň häkimi Serdar Berdimuhamedow  Prezidente hasabat berdi.

Welaýatlaryň işini sanly tehnologiýa ulgamy arkaly ýola goýmagyň çäklerinde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri zerur enjamlary hem-de programma üpjünçiligini gurnap, Ahal welaýatynyň häkimliginiň özünde elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrdylar.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň häkimliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynda hem elektron resminama dolanyşygyna birikdirmek maksady bilen şonuň ýaly işler dowam etdirilýär.
Taslamanyň ilkinji tapgyrynyň barşynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň we şolaryň bölümleriniň — düýpli gurluşyk düzümleriniň arasynda bu ulgamy gurnamak hem-de işe girizmek işleri geçirildi.
Hususan-da, welaýatlarda we etraplarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagy kabul edilýän çözgütleriň we resminama dolanyşygynyň wagt ýitirmezden degişli düzümlere ýetirilmegini, wagtyň tygşytlanylmagyny, şol bir wagtyň özünde ýangyç harçlap, ýörite ulaglary ugratmak meselesini aradan aýyrýar. Bu usul ykdysady bähbitler bilen bir hatarda, işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna-da gönüden-göni täsirini ýetirýär.
Bu, ilkinji nobatda, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişine degişlidir. Şol maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň, lukmançylyk we medeni merkezleriň, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik aragatnaşyk hem-de kommunikasiýa ulgamlarynyň, dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.
Ýeri gelende aýtsak, Ahal welaýat häkimliginde işe girizilen elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň birnäçe aýratynlyklardan ybaratdygyny bellemeli. Welaýatyň häkimi ekerançylyk meýdanlarynda bolýan mahaly hem sanly tehnologiýanyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilýär. Häkim degişli enjamyň üsti bilen etraplaryň häkimlerini aragatnaşyga çagyryp, oba hojalygynda bar bolan meseleler boýunça dessin pikir alyşmalary guramak mümkinçiliginden peýdalanýar.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......