21-nji dekabrda Riko Werhowen we Badr Hari rewanşy bolar

  • 16.12.2019 18:26
  • 4.8k+

21-nji dekabrda «GLORY-nyň» agyr agramdaky çempiony Riko Werhowen (55-10) ýaryşyň çäklerinde Niderlandlaryň Arneým şäherinde kikboksingiň ady rowaýata öwrülen türgeni Badr Harri (106-13) bilen rewanş duşuşygyny geçirer.
Werhowen bilen Hariniň birinji duşuşygy 2016-njy ýylyň dekabrynda «GLORY 36» ýaryşynyň çäklerinde geçirilipdi. Şol gezek Werhowen ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýaňiş gazanypdy. Çünki Hari elini ýaralap, göreşi dowam edip bilmändi.
Riko Werhowen — agyr agramdaky kategoriýadan bolan golland kikboksýory. Professional derejede 2004-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. К-1,SUPERК0МВАТ, It's Showtime, Glory ýaly ýaryşlara gatnaşyp meşhurlyk gazandy. 2014-nji ýylyň aprelinde Werhowen professional boksda bir göreş geçirip, wengriýaly boksýor Ýanoş Finferi nokauta gidiripdi. 2015-nji ýylyň oktýabrynda Werhowen Rumyniýada MMA-da çykyş edip başlady we garşydaşyny birinji raundda tehniki nokauta gidirdi. Häzir ol agyr agram derejede Glory-nyň hereket edýän çempiony adyna eýe.
Badr Hari — marokkan gelip çykyşly professional golland kikboksýory. Agyr agram derejede çykyş edýär. Hari К-1 World Grand Prix-iň (2008, 2009) iki gezek final tapgyryna çykdy we iki gezek It's Showtime (2009,2010) wersiýasy boýunça agyr agramda çempion boldy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......