«KIA» täze firma logotipini bellige aldyrdy

  • 15.12.2019 23:53
  • 3k+

KIA kompaniýasy Günorta Koreýanyň patent gullugynda (KIPRIS) wagtyň geçmegi bilen awtoöndürijiniň häzirki emblemasyny çalşyrjak täze firma logotipini bellige aldyrdy.
Autonews.ru portalynyň ýazmagyna görä, täze emblema gara ýa-da ak reňkler bilen ýerine ýetiriljek harplaryň birikmesini öz içine alýar. Meňzeş stilistikaly şeýle nyşany kompaniýa şu ýylyň mart aýynda Ženewa awtosalonynda görkezilen we Günorta Koreýa markalarynyň geljekki modelleri barada düşünje bermeklige niýetlenilen Imagined by Kia elektrik konsept-karynda ulanypdy. Şular ýaly beýdjiň KIA-nyň geljekde gibrid ýa-da elektrik kuwwatly gurluşly “ýaşyl” modellerine eýe boljakdygy hem ikuçsuzdyr.
2019-njy ýylyň jemi boýunça KIA Motors kompaniýasy tutuş dünýä boýunça 248,9 müň ýeňil awtomobilleri, krossowerleri, ýoldan daşary niýetlenilenleri we ýeňil KIA söwda tehnikalaryny satdy. Eksport satuwy 1,1 %-e çenli artdy we 200,3 müň ulaga ýetdi. Koreýanyň içki bazarynda 48,6 müň awtomobil satylyp, bu netijä täze Seltos ykjam krossoweri agramly goşant goşdy. Aýyň ahyry eýýäm şu ýylyň dekabrynda satuwa çykaryljak biznes-klass K5 sedanynyň täze nesli üçin edilen sargytlar tapgyrynyň başlamagy bilen dabaralandy.
KIA-nyň dünýäde iň meşhur modeli Sportage krossoweri bolmagynda galýar, 2019-njy ýylyň noýabrynda onuň satuwy 40,5 müň awtomobile ýetdi. Onuň yzyndan Rio we Cerato (Forte, K3) sedany gelýär.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...