Hytaý ýerli operasion ulgamyny döreder

  • 15.12.2019 22:53
  • 2.2k+

China Electronics korporasiýasynyň habar bermegine görä, China Standard Software (CS2C) we Tianjin Kylin Information (TKC) kompaniýalary bilelikde ýerli operasion ulgamy dörederler.
Hytaýa hökmany suratda özüniň «bir tehniki we ekologik ulgamly» hususy, garaşsyz operasion ulgamyny işläp düzmegiň gerekdigi baradaky pikiri öň China National Software and Service kompaniýasynyň maliýa müdiri aýdypdy.
CS2C tarapyndan işlenilip düzülen NeoKylin Linux operasion ulgamy, TKC tarapyndan işlenilip düzülen Kylin serwer operasion ulgamy Hytaýyň bazarynda esasy döwlet operasion ulgamlary hasaplanylýar. NeoKylin Linux operasion ulgamy esasy apparat platformalaryny doly derejede göterýär – 4000-den gowrak programma we apparat önümler bilen baglylykda, serwerlerden PK çenli.
Serwer operasion ulgamynyň işlenip düzülişinden 10 ýyldan hem köpräk wagtyň içinde Kylin kompaniýasy üç liniýany esaslandyrdy: serwer, stol üsti we içinden düzülýän hem-de “bulutly” hasaplamalar we göwrümli maglumatlar üçin ulanylýan sistemalar üçin ýene bir warianty. Ulgamda ýüzlerçe patentler tarapyndan goralýan işläp taýýarlamalar peýdalanylýar.
Häzirki wagtda CS2C we TKC önümi maliýa, energetika, ulag, saglygy goraýyş we beýleki pudaklaryň gurşawyndaky kärhanalarda ulanylýar.

düýn 18:51
3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....