«Liwerpul» Ýurgen Klopp bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy

  • 13.12.2019 19:45
  • 1.4k+

Täze baglaşylan şertnama 2024-nji ýylyň tomsuna çenli hereket eder. Deslapky şertnamanyň möhleti 2020/2021 möwsümiň ahyrynda tamamlanýardy.
Premýer ligada «Liwerpul» 1-nji orunda barýar. 2-nji ýerde barýan «Lesterden» 8 utuk öňde.
Nemes hünärmeni «Liwerpula» 2015-nji ýylyň güýzünde gelipdi. Onuň ýolbaşçylygynda mersiýsaýdlylar Çempionlar ligasynyň 2018/2019 möwsüminde final duşuşygynda «Tottenhemden» (2:0) üstün çykyp, ýeňiji boldular, şeýle hem penalti arkaly «Çelsiden» üstün çykyp UEFA-nyň naýbaşy kubogyny eýelediler. Kloppyň ýolbaşçylygynda APL-de «Liwerpulyň» gazanan iň ýokary netijesi geçen möwsümde bolupdy. Şonda «Liwerpul» 97 utuk bilen birinji ýeri eýelän «Mançester Sitiden» bary-ýogy 1 utuk yza galdylar.
Belläp geçsek, «Liwerpulyň» baş tälimçisi Klopp noýabryň netijeleri boýunça Angliýanyň çempionatynyň iň gowy tälimçisi adynda eýe boldy. Onuň ýolbaşçylygynda klub dört oýnuň dördüsinde hem ýeňiş gazandy.
Ýene-de bellemeli zatlaryň biri — «Liwerpulyň» hüjümçisi Sadio Mane hem noýabryň jemleri boýunça APL-iň iň ökde oýunçysy adyny aldy. Geçen aýda ol dört oýunda üç gol we bir ýardam pasyny geçirdi.

şu gün 07:09
549

Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy

Niderlandly türgen Harri Lawreýsen welotrek boýunça 20-nji gezek dünýäniň çempiony boldy. Bu netijäni ol Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. Lawreýsen dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir ýaryşda dört altyn medal gazanmagy başaran ilkinji welosipedçi boldy...

şu gün 06:57
467

Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir...

düýn 14:39
1.3k+

Formula-1-iň lideri çalyşdy: Norris şahsy hasapda topardaşy Piastriden geçdi

Meksikada ýerleşýän "Doganlar Rodriges adyndaky awtodrom" ýokary belentlikdäki ýolda Formula-1 dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyry — Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. Bu ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazanyp, karýerasynyň iň güýçli çykyşlarynyň birini görkezdi...

düýn 12:10
5.5k+

«Arkadag» FK bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň çempiony boldy

«Arkadag» futbol kluby bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy. Çempionatyň nobatdaky tapgyrynda Aşgabatda geçirilen duşuşykda “Arkadag” “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy...