Günorta Koreýada täze intellektual kontaktly linzalary işläp taýýarladylar

  • 12.12.2019 17:18
  • 3.2k+

Günorta koreý alymlary robotlaşdyrylan kontakly linzalary döretdiler, diýip «Yonhap» informasion agentligi ýazýar. Habar berilmegine görä, olarda tegelek ýarym dury antenna we superkondensator oturdylan, olar gözüň reňkli ýorkasynyň çäginden daşda ýerleşdirilen.
Hakykatda linza silikon elastomeriniň iki sany dury gatlagyndan durýar, olaryň arasynda ähli zerur elektronika ýerleşdirilen: yşyk diody, zarýadlama üçin antennaly iýmitlendiriji superkondensator, şeýle-de tok geçirijisi. Hut superkondensatorlar elektrik gurluşyny çalt zarýadlamaga ýa-da zerur bolan halatynda zarýadsyzlandyrmaga mümkinçilik berýär we olar tehniki häsiýetleriniň içki batareýi ulanmagyna mümkinçilik bermeýän miniatýur gurluşlaryň esasyny düzýän bölegi hasaplanylýar.
Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, intellektual ulgam bu linzany ulanyjylaryň gözýaş suwuklygynyň düzümini seljerýär we şeýle ýagdaýda onuň saglygyna gözegçilik edýär – ol şol bir hatarda keselleriň bardygyny görkezýän dürli biomarkerleri kesgitlemäge ukyply.
Mundan başga-da, bu linzany döredijiler ony goşmaça reallygy döredýän futuristik gajetler diýip atlandyrýarlar. Olar simsiz birikmäniň esasynda kabul edýän elektrigiň esasynda işleýärler, olary daşky iýmit beriji çeşmä birikdirmek hökman däl. Inženerleriň bellemegine görä, zarýadlama wagtynda linzalar gyzmaýarlar.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......