Apple indiki ýyl 7 sany täze iPhone smartfonuny hödürlär

  • 11.12.2019 07:11
  • 7.9k+

Apple Samsung-yň we hytaý kärdeşleriniň ýoly bilen gitmek we ýylyň-ýylyna has köp täze smarfonlary çykarmak kararyna gelen bolsa gerek. Has dogrusy, 2020-nji ýylda ýedi sany täze iPhone-a garaşýan analitikler şeýle hasaplaýarlar.
Ýatlap geçsek, ýaňy-ýakynda belli analitik Ming-Çi Kuo bäş sany model barada gürrüň edipdi, häzir bolsa Rosenblatt derňew kompaniýasy ýedi sany smartfon diýip çaklaýar.
Birinji, garaşylyşy ýaly, iPhone SE 2 bolar (ýa-da aýdyşlaryna görä, iPhone 9). Ol 5,1-dýuýmly displeýa, bir kamera we A13 täze prosessora eýe bolmaly.
Güýzde bolsa analitikler iPhone 12-niň alty wersiýasyna garaşýarlar, ilkinji nobatda hem bäşinji nesliň toruna eýe bolmagynyň kömegi bilen. Bu:
iPhone 12 4G, 6,1 dýuýmly ŽK-ekranly we yz tarapynda iki kameraly
iPhone 12 Pro 4G, 5,4 dýuýmly OLED ekranly we yz tarapda iki kameraly
iPhone 12 Pro 5G, 5,4 dýuýmly OLED displeýli we yz tarapda iki kameraly
iPhone 12 Pro Plus 4G, 6,1 dýuýmly OLED displeýli we Time-of-Flight 3D datçikli yza tarapynda üç kameraly
iPhone 12 Pro Plus 5G, 6,1 dýuýmly OLED ekranly, ToF datçikli we üç kameraly
iPhone 12 Pro Max 5G, 6,1 dýuýmly OLED panelli, ToF-ly we üç sany esasy kameraly Dogrusy, Rosenblatt analitikleri iPhone SE 2-niň şowly bolmagyna garaşmaýarlar, sebäbi olaryň pikiriçe ol iPhone 11-e öz ornuny berýär.

düýn 18:51
4.6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....