Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 11.12.2019 05:51
  • 3.3k+

10-njy dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda bilelikdäki jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde Neda Berger halkara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni gatnaşyklar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine goşant goşýandygynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany döredijilik taslamalary bilen hyzmatdaşlygy artdyrmakda görkezýän tagallalary üçin Neda Bergere minnetdarlyk bildirip, onuň ýolbaşçylyk edýän jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady. Bu jemgyýet ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynda dostluk, işewürlik, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, maglumatlary alyşmak babatynda uly işleri geçirýär.
Myhman 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljakdygyny belläp, diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň durmuşynda şanly waka öwrülen bu sene mynasybetli Awstriýanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda giň möçberli medeni maksatnamanyň taýýarlanylýandygyny, şeýle hem halkara derejedäki döredijilik çäreleriniň toplumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Türkmen Lideri iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň häzirki zaman medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmagy üçin Türkmenistana awstriýaly artistleri we döredijilik toparlaryny has ýygy-ýygydan çagyrmagy, ugurdaş çäreleri guramagy teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň Diýarymyzda we daşary ýurtlarda belleniljek ýylynda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň maksatnamasyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Awstriýadaky Medeniýet günlerini geçirmegi we Aşgabatda geçiriljek bäşinji Wena balyny bu şanly senä gabatlap guramak barada pikiri aýtdy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......