Tesla dünýäde elektromobilleri öndürijileriň arasynda birinji orna çykdy

  • 08.12.2019 23:52
  • 2.8k+

Tesla umumy satuwy bilen, hatda gibrid awtomobilleriň satuw hasabaty bilen BYD hytaý kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäde elektrik awtomobilleri öndüriji iň iri kärhana boldy.
Amerikan kompaniýasyna soňky ýyllarda üç sany modeli – Model S, Model X, Model 3 hödürlemek bilen elektromobilleriň çykarylyş derejesini düýpli ösdürmek başartdy.
Bu iki kompaniýanyň arasynda mydama göze görünmeýän bäsdeşlik bardy. Amerikan milliarderi Uorren Baffetiň (Warren Buffet) BYD kompaniýasynyň ösüşine maýa goýandygy belli bolandan soň, Ilon Maskdan hytaý awtoöndürijisi barada nähili pikir edýändigi hakynda soralýar, şonda Tesla-nyň baş direktory diňe gülmek bilen jogap berýär.
Maglumatlar boýunça ekspert Kewin Ruk Tesla-nyň we BYD-niň soňky ýyllardaky umumy satuwynyň grafigini düzýär. Bir zady belläp geçmeli, BYD-niň satuwynyň umumy göwrümi Tesla-nyň diňe elektromobil öndürýän wagtynda awtomobilleriň hem elektrik batareýden iýmitlenmek, hem-de zarýadlanan gibridli güýçli gurluşly (PHEV) görnüşde durmuşa geçirilmegini öz içine alýar.
Rukuň maglumatlary boýunça, 2019-njy ýylyň oktýabryndaky ýagdaý boýunça Tesla bazara 807 954 sany elektromobili çykardy, BYD bolsa şol wagt 787 150 awtomobili çykarypdy.
Ekspert soňky bäş ýylyň içinde BYD kompaniýasynyň elektromobilleri durmuşa geçirmekdäki fonunda gibridleriň satuwynyň peselýändigini belledi. Hytaý kompaniýasy elektrik ýük ulaglaryny we awtobuslaryny hem öndürýär, hem-de öz elektromobilleri üçin akkumulýator batareýlerini çykarýar.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...