Nikola kompaniýasy ýewropa bazaryna niýetlenilen elektrik ýük ulagyny hödürledi

  • 08.12.2019 09:21
  • 3.7k+

Elektrik ýük ulagy Nikola Tre ýewropa bazarynda 2021-nji ýylda peýda bolar, wodorodly wersiýasyna bolsa2023-nji ýyla çenli garaşmaly bolar.
Nikola amerikan firmasy bilen Iveco italýan awtomobil gurluşyk kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy baradaky habardan üç aýdan soň, olar özleriniň Ýewropa üçin bilelikde işläp düzen ilkinji akkumulýator elektromobilini – tirkeg çekiji Nikola Tre hödürlediler. Tanyşdyrylyş dabarasy wagtynda hyzmatdaşlar bu elektromobiliň maketini görkezdiler, elektrik ýük ulagynyň resmi dabarasy indiki ýylyň sentýabrynda Gannowerdäki «IAA 20202 sergisinde geçiriler.
Adybir konseptiň geçen ýylky hödürlenilmesinden tapawutlylykda, amerikan-italýan ýük ulagy geçen ýylyň iýulynda Madridde görkezilen Iveco S-Way agyr ýük ulagynyň esasynda gurnaldy. Dizaýnyň üstünde Italdesign hünärmenleri işlediler. Daşky görnüşi boýunça ýük ulaglary hakykatda birmeňzeş. Tapawutly taraplary – radiator germewinde ýagtylanýan N logotipi we wertikal yşyk diodly zolaklaryň öňdäki yşyk faralary bilen wizual görnüşde birleşdirilen goşmaça dumana garşy durýan faralary bar.
Täze tirkeg çekiji Nikola elektrik tehnologiýasy bilen we klimat-gözegçiligini, aýnalaryň regulirlenmegini, podweskanyň beýikligini sazlaýjyny, 360 gradus kamera sistemasyny, nawigasiýany, audiosistemany, awtomobil sazlaşygyny we administratoryň awtomobil diagnostikasyny öz içine alýan, täze nesliň patentlenen informasion-güýmenje sistemasy bilen üpjün edildi.
Nikola Tre 4x2 ýükleri yzygiderli daşamak üçin niýetlenilen. Ýük ulagynyň kuwwatlylygy 653 at güýji (1800 Nm) bolan elektrik güýçli gurluş we müşderiniň talaplaryna uýgunlaşyp biljek sygymy 720 kWt/sag bolan akkumulýator blogy bilen üsti ýetirildi. Bellenilen ätiýaçlyk ýoly – 400 km çenli. Ýük ulagy iki we üç wersiýada hem-de şäher we sebitara ýük daşamak üçin 18-den 26 tonna çenli massaly (GVW) wersiýada elýeterli bolar.

düýn 14:18
2.5k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
4.1k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.7k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.9k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...