ABŞ-nyň ähli ýerinde 5G ulgamy işe girizildi

  • 05.12.2019 21:30
  • 2k+

Bäşinji nesliň ýokary tizlikli ykjam torlary ösüşiniň ilkinji basgançagyndadygyna garamazdan, käbir ýurtlar 5G ulgamynyň ýaýradylmagynda beýlekilere garanda öňde barýar. Ýaňy-ýakynda iri amerikan operatory T-Mobile 600 MGs ýygylykdaky 5G ulgamynyň ýurduň ähli ýeri boýunça işe girizilendigi barada habar berdi. Şunuň netijesinde, bäşinji nesliň ýokary tizlikli torlaryndan peýdalanmak mümkinçiligine 200 milliondan gowrak adam eýe boldy.
Şol bir wagtda, käbir zatlary belläp geçmeli:
5G-tory 600 MGs ýygylykda işleýär. Birikmek tizligi 4G ulgamyna garanda ýokary bolsa-da, 5G ulgamlar üçin mümkin bolan ýokary tapawut heniz ýok. Bu hili tapawut 5G-torlarynyň mmWave «ýokary» ýygylykda işe girizilen wagtynda ýüze çykar. Bu 2020-nji ýylda amala aşyrylar.
Häzirki wagtda ýekeje iPhone hem 5G ulgamyny götermeýär. ABŞ-nyň raýatynyň köp bölegi bolsa iPhone ulanýar, şonuň üçin bäşinji nesliň ulgamyny ulanyjylaryň giň möçberli artmagy heniz mümkin bolmaz. 5G ygtyýarly iPhone 2020-nji ýylyň sentýabrynda çykarylar. Soňky maglumatlara görä, olar jemi dört sany bolar.
5G şäher eteklerinde we obalarda orta we pes ýygylykda işlär.

düýn 23:04
1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.3k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

08.06.2026 09:45
1.3k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....