ABŞ-da tutuş ýylyň dowamynda durkuny üýtgetmeýän almalar satylyp başlandy

  • 02.12.2019 23:59
  • 2.8k+

Almanyň bu sortuny öndürmek üçin seçgiçilere 22 ýyl gerek boldy.
1-nji dekabrda ABŞ-nyň dükanlarynda holodilnikde zaýalanman bir ýyla çenli saklanyp bilinýän «Cosmic Crisp» almalary satylyp başlandy. Bu barada “Bi-bi-si” habar berýär.
Waşington uniwersitetiniň seçgiçileri almanyň bu hiliniň üstünde 1997-nji ýylda işläp başladylar. Ol Honeycrisp we Enterprise hilleriniň gibridi boldy.
«Cosmic Crisp-i» önümçilige goýbermek üçin $10 million sarp edildi. Jemi 12 million bag oturdyldy.
“Bu ultragütürdeýän we degişlilikde gaty alma, onda süýji-turşumtyk tagam deňagramlylykda saklanýar, şeýle-de ol örän suwly” – diýip, Waşington uniwersitetinde almalary ösdürip ýetişdirmek boýunça programmany dörediji Keýt Ewans belleýär.
Barlag geçiriji täze almalaryň ýumşak etiniň ýuwaş-ýuwaşdan goňur görnüşe geçýändigini, miweleriň bolsa “holodilnikde 10-12 aý goýaňda hem ýeňillik bilen ýokary hilini saklaýandygyny” belledi.
Cosmic Crisp instagramynda almanyň bu hiliniň aýratyn teksturasynyň we häsiýetleriniň taýýarlanan wagtynda has hem peýdaly boljakdygy barada aýdylýar.
Häzirki wagtda bu almalary diňe Waşington ştatynyň fermerlerine ösdürip ýetişdirmäge rugsat berildi, olar 10 ýyla eksklýuziw ygtyýarnama aldylar. ABŞ-da almalar – bananlardan soň iň meşhur miwe.

düýn 23:36
855

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....