Köne suwasty kabeller ýertitremäni hasaba almak üçin peýdalanylar

  • 01.12.2019 23:58
  • 5.1k+

Häzirki wagtda ummanlaryň düýbünde internedi ýa-da signallaryň başga görnüşlerini bermek üçin müňlerçe kilometr optiki süýümli kabeller geçýär. Şeýle kabeller Antarktidadan galan ähli kontinentleri birikdirýär – olaryň käbirleri bolsa eýýäm hyzmat ediş möhletiniň gutarmagy bilen ýa-da başga bir sebäplere görä ulanylmaýar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary olary deňiz düýbüniň seýsmiki işjeňligine gözegçilik torunyň giňeldilmegi üçin ulanmak pikirini öňe sürýärler.
«Science» žurnalynda neşir edilen makalada alymlar köne kabeliň 20-kilometrlik bölegini suwasty seýsmometr hökmünde ulanmak boýunça eksperimentiň üstünlikli geçendigi barada habar berýärler. Optiki süýümler boýunça geçirilýän ýörite ýagtylyk impulslary ony bölek akustiki detektora öwürmek bilen, hatda kabeliň ownujak ýerini üýtgetmesini we yrgyldamasyny hem bellige almaga mümkinçilik berdi. Iş 100 metr töweregi çuňlukda alnyp baryldy, ýöne geljekde awtorlar has çuňluklarda iş alyp barmagy hem meýilleşdirýärler.
Muňa garamazdan, Kaliforniýa kenarynyň golaýynda gözegçilik dowam etdirilen dört gije-gündiziň içinde 3,5 magnitudaly suwasty ýertitremäni bellige almak başartdy. Işde bellenilişine görä, 20 metrlik bir kabel kenarda oturdylan 10 müň seýsmodatçigiň ýerini tutýar. Awtorlar ulanylmaýan kabelleriň ähli ýerde ýatan wagtynda çuňlukda ýerleşýän seýsmiki datçikleriniň seýrek zatdygyny belleýärler.
Öň Lozanna Uniwersitetiniň alymlary hadysa bolmazyndan 30 sekunt öň ýyldyrym urgularyny öňünden aýtmaga ukyply emeli aň döredipdiler.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....