Alymlar smartfonlaryň ekrany üçin öz-özünden arassalanýan örtügi oýlap tapdylar

  • 01.12.2019 21:01
  • 3.3k+

Alymlar topary smartfonlar üçin öz-özünden arassalanmaga ukyply innowasion örtügi döretdiler.
Alymlar smartfonlaryň ekranyny hapadan we bakteriýadan nädip arassalamalydygy babatdaky meseläni uzak wagt çözüp bilmediler. Olar ekranyň öz düzümine antibakterial serişdeleri goşmakçy boldular, polimer plýonkalary ýelmemekçi boldular. Ýöne hiç biri hem peýda bermedi.
Çykalgany barlagçylaryň halkara topary hödürledi. Olaryň arasynda ITMO Peterburg uniwersitetiniň alymlary hem bardy. Olar öz-özünden hapany itýän we özbaşdak arassalanýan ýörite plýonkany işläp taýýarladylar.
“Ilkinji örtükler biz tarapyndan sink oksidiniň hem-de galaýy oksidiniň esasynda taýýarlanypdy. Biz plýonkanyň berk bolmagy hem-de ýokary derejeli antibakterial alamatlara eýe bolmagy, şonuň bilen birlikde aýnanyň ýüzünde berk saklanmagy üçin, materialyň himiki düzüminiň nädip iş ýüzüne geçirilişini görkezdik” – diýip, himiki ylymlaryň doktory gürrüň berýär.
Adaty bolmadyk plýonkanyň ýogynlygy 200-300 nanometre ýetýär. Organiki goşundylaryň kömegi bilen bolsa ol berk hem-de dykyz bolýar. Bu bolsa telefonyň goşmaça goragyny üpjün edýär.
Şeýle plýonkalaryň önümçiligi beýleki birmeňzeş analoglara garanda, arzan bolýar.
“Ýagtylygyň oňa täsir eden wagtynda organiki birleşmeleri – bakteriýalary, deriň yzyny, barmaklaryň yzlaryny dargadýan işjeň himiki kislorod bölünip çykýar” – diýip ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugynda bellenilýär.
Ýene bir gyzykly zat, alymlaryň açyşlaryny diňe bir smartfonlar üçin däl-de, eýsem lukmançylykda hem ulanmak bolýar.
“Lukmançylykda içki organlaryň ýagdaýyny görmek üçin ýarawsyzyň bedenine goýberilýän süýüm-optiki endoskoplar has giňden ulanylýar. Biz materialymyzy süýüm endoskopynyň ujuna çalmak bilen eksperiment geçirip göreris” – açyşyň awtordaşynyň biri gürrüň berýär.
Netijede, onuň aýtmagyna görä, diňe bir gözegçilik serişdesi emele gelmän, eýsem, serişdeleri, meselem, rak öýjüklerine ýetirmek üçin gurluşlar (olary ýok etmek üçin) hem emele geler.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....