2019-njy ýylyň iň gowy kamerafonlary belli edildi

  • 01.12.2019 10:16
  • 18k+

Täze ýyla bir aý wagtyň galandygyna garamazdan, DxOMark eýýäm 2019-njy ýylyň jemini jemläp başlady. Bu ýylda hünärmenler býujetli enjamlardan başlap flagmanlara çenli 31 kamerany testleşdirdiler, indi bolsa iň gowy kamerafonlary atlandyrýarlar.
Huawei Mate 30 Pro we Xiaomi CC9 Pro Premium Edition reýtingiň lideri boldy. Olaryň hersiniň 121 baly bar. Olar birinji orny bile paýlaşdylar we ikisi hem foto we wideo boýunça ýokary derejeli netijeleri görkezýärler.
Muňa garamazdan, olaryň arasynda tapawut hem bar: Huawei Mate 30 Pro foto has gowy düşürýär, Xiaomi CC9 Pro bolsa zum bilen wideo düşürmekden oňat baş çykarýar.
Ondan soň birmeňzeş bal bilen Apple iPhone 11 Pro Max we Samsung Galaxy Note 10+5G gelýär, bäşinji orunda bolsa Samsung Galaxy S10 5G.
Şeýle-de, DxOMark kategoriýalar boýunça ýeňijileri hem belli etdi:
Wideo düşürmek üçin iň gowy kamera – Apple iPhone 11 Pro Max.
Iň gowy zum - Xiaomi CC9 Pro Premium Edition
Iň gowy giňburçly kamera - Samsung Galaxy Note 10+5G
Iň gowy gijeki režim – Huawei Mate 30 Pro
Mundan başga-da, bu ýylda DxOMark öň ýüzdäki kameralary hem testleşdirip başlady, şonuň üçin olaryň hem aýratyn reýtingi bar.
Bu ýerde lider üýtgeýär - Samsung Galaxy Note 10+5G, onuň iň ýokary — 99 baly bar. Bu bolsa selfi düşürmegiň dürli görnüşleri üçin iň gowy saýlaw. Şeýle-de, birinji bäşlikde Asus ZenFone 6, Samsung Galaxy S10 5G, Samsung Galaxy S10+ we Huawei Mate 30 Pro hem bar.

05.06.2026 23:49
2.3k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

05.06.2026 19:21
5.2k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 10:42
978

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....