Dubaýyň polisiýasynda Tesla Cybertruck pikapy peýda bolar

  • 29.11.2019 17:25
  • 7.1k+

Dubaýyň polisiýasynyň awtoparkynda Tesla Cybertruck elektrik pikapy peýda bolar.
Dubaýyň polisiýa edarasy geçen hepde hödürlenilen Tesla Cybertruck elektrik pikapynyň nobatyna duranlaryň sanawyna goşuldy. Tiz wagtdan polisiýa işgärleri “broneawtomobili” iş ýüzünde synap görerler. Bu barada maglumat ýerli polisiýanyň resmi Twitter-akkauntynda ýüze çykdy.
Cybertruck-yň tanyşdyrylyş dabarasynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň habar berşi ýaly, pikap üç modifikasiýada hödürleniler. Bir motorly we yzky herekete getirijili baza wersiýasy Single Motor-yň bahasy $39 900 bolar. Bu pula duran ýerinden 96 km/sag çenli 6,5 sekuntdan az wagtyň içinde bat almaga we iň ýokary 177 km/sag tizligi bermäge ukyply, yzky herekete getirijili, bir elektrik motorly pikap hödürlenilýär. Ätiýaçlyk ýoly 400 km. Tirkegiň mümkin bolan massasy – 3,4 tonna.
Iki elektrik motorly we doly herekete getiriji sistemaly Dual Motor AWD wersiýasynyň bahasy $49 000. Duran ýerinden 96 km/sag çenli awtomobil 4,5 sekundyň içinde bat alýar. Iň ýokary tizligi 193 km/sag, ätiýaçlyk ýoly – 480 km-dan gowrak, tirkege alynýan ýüküň mümkin bolan agramy – 4,5 tonna.
Üç elektrik motorly Tri Motor wersiýasynyň bahasy $69 000. Duran ýerinden 96 km/sag çenli “üçmotorly” 2,9 sekundyň içinde bat alýar we iň ýokary tizligi 209 km/sag berýär. Gidiş uzaklygy 800 km-dan gowrak, tirkegiň mümkin bolan agramy – 6,35 tonna. 402 metr aralygy Tri Motor 10,8 sekundyň içinde geçýär.
Soňrak Tesla Cybertruck-yň kiçeldilen ýük platformaly we birhatarly kabinaly mini-wersiýasynyň ýüze çykmagy mümkin. Şeýle-de kompaniýa syýahaty söýüjiler üçin niýetlenilen pikapyny hem görkezdi.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...