2025-nji ýyla çenli 5G ulgamyny ulanyjylaryň sany 2,6 mlrd adamdan geçer

  • 29.11.2019 17:07
  • 2.3k+

Ericsson kompaniýasy 5G ulgamynda liderleriň biri hasaplanylýar. Telekommunikasion enjamlary öndürijiniň arsenalynda bäşinji nesliň aragatnaşyk toruny dünýäniň dürli sebitlerine ýaýratmak boýunça eýýäm 75 sany söwda şertnamalary bar. Kompaniýanyň analitikleri geljek 5 ýylyň içinde 5G ulgamyny ulanyjylaryň mukdarynyň 5G ekosistemasynyň ösüş çaltlygy we ösüş depgini bilen gönüden-göni bagly boljakdygy baradaky maglumaty neşir etdiler. Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli dünýäniň ähli ýeri boýunça 2,6 mlrd-dan gowrak adam 5G mümkinçiligini peýdalanar diýip hasaplaýar.
Ericsson maglumatynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bir smartfon tarapyndan sarp edilýän trafikanyň aýda ortaça göwrümi häzirki 7,2 Gbaýt-dan 24 Gbaýta çenli öser. Ilkinji nobatda, şeýle ösüş VR-kontentiň ýaýrawynyň artmagy bilen şertlendirilen. Analizçiler 2025-nji ýyla çenli 5G biziň planetamyzyň 65% ilatyny gurşap alar diýip hasaplaýarlar. Mundan başga-da, dünýä boýunça 45% mobil trafikleri hem 5G-tory arkaly öndüriler.
2019-njy ýylyň aprelinde Günorta Koreýada 5G söwda torunyň işe girizilen pursatyndan başlap ulanyjy bazalarynyň çalt ösüşine gözegçilik edilýär we häzirki wagtda ol 3 mln adam diýlip hasaplanylýar. 5G-torunyň kommersializasiýa prosesiniň ýuwaş-ýuwaşdan Hytaýda başlanmagy bilen, Ericsson şeýle çaklamany öňe sürýär, şu ýylyň ahyryna çenli 5G ulgamyny ulanyjylaryň sany 13 mln adama barabar bolar.
Analitikler 5G ulgamynyň ulanyjy bazasynyň LTE bilen deňeşdirilende has çalt ösýändigini belleýärler. 5G torunyň has çalt ýaýrawynyň Demirgazyk Amerikada bolmagyna garaşylýar, bu ýerde 2025-nji ýylyň ahyryna çenli mobil gurluşlaryny ulanyjylaryň 74%-i 5G-tory arkaly biriger. Demirgazyk-Gündogar Aziýada 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 5G mümkinçiligini 56% ulanyjy peýdalanar, Ýewropada – 55%.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......