Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň 8 sanysy belli edildi

  • 29.11.2019 17:01
  • 3.8k+

Çempionlar Ligasynyň 2019/20 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bäşinji turunyň ikinji oýun güni tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesi boýunça pleý-off bäsleşigine gatnaşyjylaryň 8-si belli boldy.
Baş ýewrokubok ýaryşynyň 1/8 finalyna ýollamany häzirki wagtda şu klublar gazandy: “Pari Sen-Žermen” (Fransiýa), “Real” (Ispaniýa), “Bawariýa” (Germaniýa), “Tottenhem Hotspur” (Angliýa), “Mançester Siti” (Angliýa), “Ýuwentus” (Italiýa), “Barselona” (Ispaniýa) we “RB Leýpsig” (Germaniýa).
Rus klublary barada aýdylanda, “Lokomotiw” 5-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Baýerden” utulmak arkaly (0:2) Çempionlar Ligasynyň, şeýle-de Ýewropa Ligasynyň pleý-off-yna çykmak mümkinçiligini ýitirdi. “Zenit” öz gezeginde öýünde “Liony” (2:0) utdy we ol 1/8 finala çykyp bilýär.

düýn 19:27
4.4k+

«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi

«Barselona» futbol kluby we «Barsa» gaznasy (Barca Foundation) agyr keselli çagalary we ýetginjekleri goldamaga gönükdirilen haýyr-sahawat Roždestwo kampaniýasyny geçirdi. Maksatnama bejergi döwründe çagalara we olaryň maşgalalaryna emosional goldawy bermäge gönükdirilýär we Polseres Blaugrana («Gök-gyzyl bilezikler») taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär...

düýn 17:24
5.4k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi...

düýn 11:56
4.8k+

Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar

Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär...

22.12.2025 17:15
6.3k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy

13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy...