Alymlar atmosfera arkaly maglumatlary ibermegiň üýtgeşik usulyny tapdylar

  • 29.11.2019 16:51
  • 2.4k+

Samara uniwersitetiniň alymlary Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň işgärleri bilen bilelikde atmosfera arkaly maglumatlary ibermegiň üýtgeşik usulyny tapdylar. Barlagyň netijeleri Optics Express žurnalynda neşir edildi.
Olaryň tagallalary bilen optiki elementlerini döretmegiň täze usulyny işläp düzmek başartdy, olaryň kömegi bilen bolsa geljekde maglumatlary atmosferada lazer şöhleleri boýunça ibermek üçin enjamlary kämilleşdirmek bolýar.
Alymlar metamaterialyň esasynda optiki elementiň döredilendigini tassyklaýarlar, işiň prinsipi bir wagtyň özünde bir forma getirmekden we polýarizlemäniň tüweleý gurluşly lazer toplumlarynyň fokusirlenmeginden durýar.
Has ýokary gurluşly materiallar energiýanyň umumy ters akymyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda hem maglumatlary atmosferada lazer şöhleleri arkaly ibermek usuly hereket edýär, ýöne ol päsgelçiliklere sezewar bolagan bolýar. Işlenilip düzülen metamateriallaryň kömegi bilen bolsa, aýratyn lazer toplumlaryny döretmek bolýar. Olar atmosferada ýüze çykjak päsgelçiliklere garşy durmaga ukyply bolar.
Mundan başga-da, döredilen metamateriallaryň kömegi bilen optiki duzaklarynyň täze görnüşini işläp düzmek bolýar, bu bolsa bölejikleri çeşmä tarap hereket etmäge mejbur edýär. Polýarizatoryň fokusator bilen bir elementde birikmeginiň netijesinde optiki okunyň golaýynda ýerleşýän energiýanyň uly ters akymyny döretmek bolýandygyny ekspertler aýdýarlar.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......