Ýewropanyň iň gowy awtomobili adyna dalaşgärler aýan edildi

  • 28.11.2019 11:57
  • 4.3k+

«Ýewropanyň 2020-nji ýylda iň gowy awtomobili» bäsleşiginiň ahyrky finalçylary belli boldy. Ahyrky «ýedilige» şular girdi: «BMW 1 series», «Ford Puma» krossoweri, «Peugeot 208» hetçbegi, «Porche Taycan» sportkary, «Renault Clio» hetçbegi, «Tesla Model 3» liftbegi, «Toyota Corolla» hetçbegi.
Finalçylar bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan oktýabryň ahyrynda belli edilen 35 model-gatnaşyjylardan saýlanyldy.
Bu ýylda bäsleşikde 23 ýurtdan 60 sany žurnalist emin boldy. Olaryň hersi gatnaşyjylaryň arasynda 25 baly paýladylar. Iň köp bally modeller bolsa ýeňiş üçin göreşerler. Iň ahyrky finalçylar indiki ýylyň başynda belli bolar, ýeňijileri bolsa martda Ženewadaky halkara awtosalonda aýan ederler.
2019-njy ýylda «Jaguar I-Pace» iň gowy awtomobil diýlip kabul edilipdi. Gyzgalaňly göreşde (126 bal bilen 124-e garşy bolupdy) ol «Alphine A110» kupeden öňe geçdi. Jaguar üçin bu ýeňiş taryhda ilkinji boldy, elektromobil bolsa bu bäsleşikde ozal ýeňipdi. 2011-nji ýylda žurnalistler Nissan Leaf-y bellediler.
“Ýewropada ýylyň awtomobili” baýragy 1964-nji ýylda tassyklanyldy, onuň guramaçylary bolup iri awtomobil neşirleri çykyş edýär. Meselem, «Autocar» (Beýik Britaniýa), «Auto» (Italiýa), «Awto» žurnalynyň goşmaçasy «Stern» (Germaniýa), «L’Automobile» (Fransiýa).

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...