Skoda ilkinji elektrokarynyň önümçiligine başlady

  • 27.11.2019 21:06
  • 1.8k+

Skoda çeh awtoöndürijisi kompaniýanyň Citigo iV ilkinji elektrokarynyň önümçiligine başlandygyny habar berdi. Skoda awtomobili gurnamagyň Slowakiýanyň paýtagty Bratislawda, Volkswagen kärhanasynda ýola goýlandygyny aýtdy. Bu elektrokar diňe bäş gapyly görnüşde we Ambition ýa-da Style komplektasiýasynda goýberilýär.
Awtomobiliň uzynlygy 3597 mm-e barabar, beýikligi – 1645 mm.
Ýük goýulýan ýeriniň göwrümi 250 litr, yzky oturgyçlary ýygnamak arkaly ony 923 litre çenli ulaltmak bolýar. Täze awtomobil 83 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Badyny artdyrmak 0-dan 100 km/sag çenli 12,5 sekundy eýeleýär, iň ýokary tizlik 130 km/sag ýetýär.
Güýçli agregat litiý-ion batareýiniň 60-amper blogyndan iýmitlenýär. Goşmaça zarýadlamasyz bellenilen ätiýaç ýol 265 kilometre barabar.
Elektrokar kuzowyň reňkine görä reňklenen, tutuşlaýyn radiator gözenegine eýe boldy, täze elektromobiliň ýük goýulýan ýeriniň gapagynda bolsa Skoda diýen ýazgy we iV nyşany bar. Standart komplektasiýasynda Citigo iV dumana garşy faralara we yşyk diodly gündiz ulanylýan çyralara eýe boldy.
Çeh kompaniýasynyň meýilnamasynda 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 30-dan gowrak täze görnüşi görkezmek bar, olardan 10 sanysy gibrid ýa-da tutuşlaýyn elektrik hereketlendiriji gurluşa eýe bolar.

şu gün 12:59
606

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...

şu gün 12:47
601

Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar

Rimac kompaniýasy ýokary öndürijilikli Nevera R giperkarynyň eksklýuziw nusgasyny — Founder's Edition wersiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle awtoulaglaryň bary-ýogy 10-sy öndüriler we olaryň hemmesi eýýäm brendiň muşdaklarynyň arasynda paýlanyldy...

şu gün 12:33
1.7k+

Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy...

şu gün 10:46
2.3k+

Hyundai 80-nji ýyllaryň äheňinde düýpgöter täze “burçly” Sonata taýýarlaýar

Modeliň önümçiliginiň bes edilmegi baradaky myş-myşlara garamazdan, Hyundai kompaniýasy Sonata sedanynyň dokuzynjy nesliniň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Kompaniýa awtoulagy öz hatarynda saklap galmak, ýöne onuň konsepsiýasyny düýpli täzelemek kararyna geldi...