Mercedes-Benz Marco Polo lineýkasynyň ýubileýini belleýär

  • 26.11.2019 06:36
  • 4.6k+

Marco Polo lineýkasynyň 35 ýyllygyna bagyşlap Mercedes-Benz-iň Vans bölümi kemperiň aýratyn wersiýasyny ArtVenture taýýarlady.
Marco Polo “maşgalasynyň” birinji wekili bolan Bremer Transporter – 1984-nji ýylda peýda bolupdy. Ony Mercedes 209 D-niň esasynda döretdiler. Kemper gysga kapoty, 1980-nji ýyllarda moda bolan “bagam goňras” reňke reňklenen kuzowy we açyk-goňras salony bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, ol iki adamlyk krowat, yzda oturylýan ýer, sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň öwrülýän oturgyjy, rakowina, plita we holodilnik bilen üpjün edildi. Bremer Transporter-i herekete getiriji bolup 88-güýçli bäş silindrli OM 617 dizel herekete getirijisi hyzmat etdi.
Ýubileý ArtVenture wersiýasy hem 1984-nji ýylyň Bremer Transporter-i ýaly goşmaçany saklamagy başardy: üçegiň üstündäki iki adamlyk krowat, yzky diwanyň deregine ýatylýan ýer, sürüji we öňdäki ýolagçy üçin öwrülýän oturgyç, aşhana rakowinaly mini-aşhana, gazdan, 12W bort elektrik ulgamyndan ýa-da daşky 220-wolt çeşmeden işläp biljek iki gaz ýanyjysy we holodilnik.
Täze modeliň esasy aýratynlygy – täze motor we tehnologiýa. ArtVenture-iň kapotynyň aşagynda 236 at güýjüni berýän 2,0-litrlik dört silindrli OM 654 “dizel” bar. Motor 9-diapozonly “awtomat” we doly herekete getiriji bilen utgaşýar. Ýokary tizlik 251 km/sag barabar.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...