5-nji dekabrda Nokia täze smartfonlarynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirer

  • 26.11.2019 04:36
  • 5k+

Twitterde Nokia Mobile akkauntynda 5-nji dekabrda Kairde (Müsüriň paýtagty) geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasyna çagyryş neşir edildi. Onda Nokia-nyň önümleriniň üstüniň ýetirilmegine garaşýandygy barada habar berilýär. Nokia markasy HMD Global kompaniýasy bilen nähili smartfony görkezmekçi bolýandygyny doly mälim edilenok.
Synçylar çärede öň internetde gürrüňi giden Nokia 8.2 öndürijilikli enjamyň görkeziljekdigi baradaky pikire gelýärler. Soňky maglumatlary göz öňünde tutsak, onda bu smartfon FHD+ PureDisplay ekrany, Snapdragon 7 Series prosessory, 8 Gbaýt operatiw ýady, 256 Gbaýt sygymly fleş-apparaty we 64 megapiksel sensorly köp modully kamera bilen üpjün ediler. Operasion sistema – “gutudan” Android 10.
Geljekki tanyşdyryş dabarada Nokia 2.3 we Nokia 5.2 smartfonlaryň anons ediljekdigi barada hem gürrüňler bar. Bu modeller gymmat bolmadyk gurluşlar bilen üpjün ediler.
Canalys kompaniýasynyň bahalandyrmasy boýunça, HMD kompaniýasy ýewropa bazaryna smartfonlary çykarmak boýunça öňdebaryjylaryň sanawynda bäşinji orunda durýar. Şu ýylyň üçünji çärýeginde bu sebitde 0,9 mln Nokia enjamlary durmuşa geçirildi. Olaryň bazardaky paýy – 1,8 göterime golaý.

şu gün 12:41
439

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
777

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......