Internet-birikmäni ýagtylyk arkaly gurnamagy öwrendiler

  • 26.11.2019 04:30
  • 2.6k+

Signify kompaniýasy awtobuslarda ýagtylyk tolkunlary arkaly giň zolaklaýyn internet-birikme tehnologiýasyny testleşdirip başlady. Bu häzirki Wi-Fi tehnologiýasyna alternatiwa bolup biler.
Tehnologiýany Trulifi diýip atlandyrdylar. Eger-de Wi-Fi-signaly radiotolkunlary arkaly berilýän bolsa, onda Trulifi – ýagtylyk tolkunlary arkaly hereket eder. Labaratoriýa işinde synag geçirmek üçin niýetlenilen taslamanyň çäklerinde Signify-yň hünärmenleri awtobusyň her bir oturgyjynyň ýokarsynda maglumatlary iberiji kanal hökmünde çykyş edýän yşyk diodlaryny gurnadylar. Ýagny ýolagçy interneda kellesiniň ýokarsynda oturdylan ýagtylyk çeşmesi arkaly birigip bilýär.
Kompaniýada şeýle birikmäniň adatdakydan howpsuzdygyny nygtaýarlar, çünki internet toruny çekme ýagtylyk giňişligi bilen çäklendirilendir. Mundan başga-da, signal durnukly kabul edilýär. Oňa awtobusyň hereketi wagtynda yrgyldama hem, ýagtylyk derejesi hem täsir etmeýär. Aragatnaşyk kanaly hökmünde spektriň adam gözi bilen kabul edilmeýän infragyzyl bölegi çykyş edýär.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......